Harri Keýn bir klub üçin geçiren gollarynyň sany boýunça APL-iň rekordyny goýdy

  • 21.08.2022 20:01
  • 8k+

Londonyň “Tottenheminiň” hüjümçisi Harri Keýn bir klub üçin geçiren gollarynyň sany boýunça Angliýanyň Premýer-ligasynyň rekordyny goýdy. Üçünji tapgyryň “Wulwerhempton” bilen oýnunda Keýn oýunda ýeke-täk pökgini derwezä girizdi, bu onuň çempionatda “Tottenhem” üçin 185-nji goly boldy. Bu barada sportrbc.ru habar berýär.

Öňki üstünlik APL-iň oýunlarynda “Mançester Siti” üçin 184 gol geçiren argentinaly Serhio Aguero degişlidi.
Şol bir wagtyň özünde, “Wulwerhemptonyň” derwezesine geçirilen gol Keýniň ähli ýaryşlarda “Tottenhem” üçin 250-nji goly, “Tottenhem” üçin bolsa APL-de 1000-nji gol boldy.
Liganyň taryhynda iň gowy bombardir 260 gol bilen Alan Şirer bolmagynda galýar. Ol 1992-nji ýyldan 2006-njy ýyl aralygynda “Sautgempton”, “Blekbern Rowers” we “Nýukasl Ýunaýted” üçin çykyş etdi.


23.04.2026 16:19
5.8k+

Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61......

23.04.2026 15:40
5.9k+

«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi....

23.04.2026 12:31
8.7k+

«Barselona» El-Klasikoda Oliwiýa Rodrigonyň logotipi bolan ýörite eşikde oýnar

«Barselona» futbol kluby öňümizdäki «Klasikoda» amerikaly aýdymçy Oliwiýa Rodrigonyň logotipi şekillendirilen ýörite sport eşiklerinde meýdança çykar. Bu barada «Mundo Deportivo» neşiri habar berýär. Bu çäre......

22.04.2026 00:22
3.9k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....