Dünýäde iň uzyn saçyň uzynlygy 33,5 metre çenli ýetdi

  • 21.08.2022 16:18
  • 49k+

Floridadan dünýäniň iň uzyn saçly aýaly saçyny 33,5 metre çenli ösdürip, hususy rekordyny täzeledi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär diýip, interfax.ru belleýär.

Altmyş ýaşly Aşa Mandela saçynyň uzynlygy boýunça 2009-njy ýylda rekord goýdy. Şol wagt ol 15,6 metrdi. Mandela 40 ýyldan gowrak wagt mundan öň Trinidad we Tobagodan Birleşen Ştatlara göçüp gelende, zülplerini ösdürip başlandygyny aýdýar.
Ol saçynyň ýerde süýrenip, boýnuna agram salmazlygy üçin ony, adatça, mata daňyp gezýändigini gürrüň berdi.
Mandelanyň adamsy, professional dellekçi Emmanuel Çege aýalynyň saçyna ideg etmek üçin her hepde birnäçe sagat sarp edýär. Ol Mandelanyň saçyny hepdede bir gezek ýuwýar, ýöne munuň üçin alty çüýşe şampun, soňra iki gün guratma prosesi gerek bolýar.


18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....