NASA Aý raketasynyň ilkinji uçurylyşyna taýýarlanýar

  • 20.08.2022 23:52
  • 4.6k+

Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edara (NASA) sişenbe güni ägirt uly Space Launch System Aý raketasyny uçuş meýdançasyna daşamaga başlar. Raketanyň ilkinji synag uçuşy awgust aýynyň ahyrynda bolmaly diýip, “Golos Ameriki” habar berýär. Muny forbes.kz ýetirýär.

Beýikligi 98 metr bolan raketa 29-njy awgustda adam gatnaşmazdan özüniň ilkinji kosmos uçuşyna başlar. Bu möhüm uçuş birnäçe wagt bäri soňa goýulýardy. NASA raketany Aýa “Artemida” programmasynyň – Birleşen Ştatlaryň geljekde missiýalary Marsda ýerine ýetirmek üçin tejribe ediner ýaly adamlary Aýa eltmäge synanyşygynyň çäklerinde uçurýar.
Soňky on ýylda Boeing kompaniýasynyň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip düzülen Space Launch System ýerli wagt bilen sagat 9 töweregi Floridadaky Kennedi adyndaky kosmos merkeziniň gurnama sehinden çykarylyp, uçuş meýdançasyna tarap 6 km ýoly başlamaly. Sagatda 1,6 km tizlik bilen hereket edende, gurnama, takmynan, 11 sagat wagt alýar.
Raketanyň depesinde Lockheed Martin kompaniýasy tarapyndan gurlan astronawtlar üçin Orion moduly ýerleşýär. Raketa kosmosa çykandan soň Orion ondan aýrylyp, adamlary Aý orbitasyna eltmeli we astronawtlary Aýyň üstüne eltjek beýleki kosmos gämisi bilen birleşmeli.
29-njy awgustda başlajak “Artemida-1” missiýasynyň çäklerinde kapsulda ekipaž bolmaz. Orion-yň Aýyň orbitasyna baryp, 42 günden Ýere gaýdyp gelmegi meýilleşdirilýär.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....