Ford awtoulag faralarynyň täze neslini görkezdi

  • 19.08.2022 23:45
  • 17k+

Ford awtoulag faralarynyň tehnologiýasynyň haýsy ugra tarap ösjekdigini görkezýän wideosyny çykardy. Bu ulag kysmynyň wekilleriniň sözlerine görä, kompaniýa häzir faralaryň täze nesliniň üstünde işleýär.

Olar diňe bir ýoly ýagtylandyrmak bilen çäklenmän, sürüjä tizligiň çäklendirilmeli ýerini duýduryp ýa-da nawigasiýa ulgamynyň maglumatlaryny gös-göni asfaltyň ýüzüne çykaryp bilýärler. Hususan aýdanda, oturdylan proýektoryň kömegi bilen islendik maglumaty görkezmek mümkin. Meselem, «garjagazy» görkezip, sürüjä öňde sürçekligiň bolmagynyň mümkindigi duýdurylar.
Sürüjiniň gözüniň öňündäki ýola şekilleri çykarmak funksiýasynyň üstünde işleýäniň diňe bir Ford däldigini belläliň. Mysal üçin, şeýle tehnologiýalar Mercedes-Benz-de, Volkswagen-de we beýleki kompaniýalarda hem bar.


düýn 15:49
3k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
2.7k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....