Dodge 2023-nji ýylda täze Hornet wnedorožnigi bilen tanyşdyrar

  • 19.08.2022 12:05
  • 7k+

2023-nji ýylda Dodge gibrid subkompakt wnedorožnigini görkezer diýip, kompaniýada mälim etdiler. Hornet modeli Alfa Romeo Tonale-niň platformasynda gurlar. Bu barada 17-nji awgustda Car and driver žurnaly habar berdi.

Hünärmenleriň pikirine görä, Dodge Hornet krossoweri brendiň täze eýýamyny başlar. Hornet GT, başlangyç model, kuwwaty 268 at güýjüne deň bolan iki litrlik motor bilen enjamlaşdyrylar. Hereketlendirijisi geçirijiniň dokuz basgançakly awtomatik korobkasy bilen işlär. Kompaniýanyň baha bermegine görä, GT wersiýasy 6,5 sekundyň içinde noldan 96 km/sag-a çenli badyny artdyrar, aňrybaş tizligi bolsa 225 km/sag bolar.
Indiki Hornet R/T gibrid modeli bolar. Göwrümi 1,3 litrlik benzinli motoryň, altybasgançakly awtomatyň we yzky oka oturdyljak, kuwwaty 121 at güýjüne deň bolan elektromotoryň sazlaşygy.
Güýç berýän gurluşyň umumy kuwwaty 288 at güýjüne deň bolar. Onuň aňrybaş tizligi 205 km/sag bilen çäklenýän hem bolsa, ulag özüniň garnuwsyz görnüşinden çalt hereket edýändir.
Bezegi boýunça Dodge-niň radiatorynyň gözenegi benzin bilen işleýän V8 modeliniň äheňinde bolar.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....