Hytaýdaky yssy howa dowamlylygy boýunça 1961-nji ýylyň rekordyny täzeledi

  • 18.08.2022 23:38
  • 12k+

Hytaýyň birnäçe sebitinde şu tomus hasaba alnan adatdan daşary yssy howa 1961-nji ýyldan bäri iň dowamlysy boldy we güýçlenmegini dowam etdirýär. Bu barada HHR-iň Merkezi meteorologiýa edarasyna salgylanyp, “Hangzhou” neşiri habar berýär. Muny centralasia.media ýetirýär.

Hytaýly sinoptikleriň maglumatlaryna görä, 15-nji awgusta çenli Hytaýda yssy howa, umumy alanyňda, 64 gün dowam etdi. Bu 1961-nji ýylyň tomsundaky temperatura ýagdaýy 62 gün dowam eden rekordy täzeledi.
Selsiý boýunça 40 gradusdan ýokary temperaturany hasaba alan meteostansiýalaryň sany boýunça-da häzirki tomus rekordy täzeledi – 262. Olaryň köpüsinde gözegçiligiň taryhyndaky iň ýokary görkezijiler hasaba alyndy. Öňki rekord – Selsiý boýunça 40 gradusdan ýokary temperaturaly 187 meteostansiýa – 2013-nji ýylyň tomsunda goýuldy.
Eýýäm alty gün bäri HHR-iň Merkezi meteorologiýa edarasy adatdan daşary yssy howa sebäpli birnäçe sebitde howplulygyň iň ýokary, gyzyl derejesini girizýär.
Ýanszy derýasynyň basseýniniň käbir ýerlerinde eýýäm 20 günden gowrak wagt bäri ýagyn ýok, adatdan daşary ýokary howa temperaturasy bolan günleriň sany bolsa 30-dan geçdi. Syçuan, Hubeý, Hunan, Anhoý we Szýansi welaýatlarynda, şeýle-de Çunsin şäherinde yssy howa oba hojalygyna zyýan ýetirdi, 830 müň töweregi adam agyz suwy bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýär.


09.06.2026 07:40
8k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

23.05.2026 15:57
7.7k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
8.1k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
10k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....