Katar futbol boýunça DÇ sebäpli syýahatçylaryň girişi üçin şertleri girizýär

  • 17.08.2022 13:34
  • 15k+

Noýabr aýynyň başyndan ýaşaýyş üçin ygtyýarnamasy bolmadyk syýahatçylar Kataryň çägine diňe futbol boýunça dünýä çempionatynyň janköýeriniň şahadatnamasy – Hayya card bolan ýagdaýynda girip biler. Bu barada Hayya platformasynyň ýerine ýetiriji müdiri Said al-Kuwari Al-Kass TV teleýaýlymynyň efirinde aýtdy diýip, lenta.ru habar berýär.

“Noýabr aýynyň başyndan Katara girmek üçin hökmany şert Hayya janköýer kartynyň bolmagydyr, ony güýje girizmegiň möhüm şertleriniň biri bolsa – dünýä çempionaty üçin petek satyn almakdyr” – diýip, al-Kuwari belledi.

Onuň aýtmagyna görä, daşary ýurtly janköýerlere Hayya kartyny almaga arza tabşyrmak üçin DÇ-2022-ä petek satyn almak we özüni ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek zerurdyr. Kart ýurduň çäginde 23-nji ýanwara çenli bolmaga hukuk berýär. Şol bir wagtyň özünde, ol Kataryň raýatlarynyň we daşary ýurtly wekilleriň goýberiljekdigini – olaryň bu döwürde janköýer şahadatnamasy bolmazdan ýurda arkaýyn girip we çykyp biljekdiklerini belledi.

Goňşy ýurtlardan gelýän janköýerler üçin ýurda gelip, şol gün yzyna gaýtmak mümkinçiligi bar – hasaba alyş ýakyn wagtda işläp başlajak ýörite platformanyň üsti bilen elýeterli bolar.


25.03.2026 13:06
8.2k+

Holand Norwegiýanyň iň gymmat kitabyny satyn alyp, ony dogduk mekanyna sowgat berdi

«Mançester Sitiniň» we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand öz ýurdunyň taryhyndaky iň gymmat kitap neşirini satyn aldy we ony dogduk mekany bolan Time munisipalitetine gowşurdy. Bu barada NRK we «Stavanger Aftenblad» neşirleri habar berýär...

21.03.2026 09:25
2.7k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyny täze formatda görkezmek hakda YouTube bilen ylalaşdy

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda YouTube bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan etdi. Mundan ozal FIFA şuňa meňzeş ylalaşygy TikTok bilen hem baglaşypdy. Gürrüň ýaryşyň doly göni ýaýlymy barada gitmeýär...

20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

09.02.2026 18:56
18k+

Aşgabatdaky söwda merkezlerde «Arkadag» — «Al-Nasr» oýnuna bagyşlanan fan-zonalar açyldy

AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň çäklerinde geçiriljek Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud-Arabystanynyň «Al-Nasr» klublarynyň arasyndaky taryhy duşuşygyň öňüsyrasynda, paýtagtyň «Arkaç» we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezlerinde ýörite fan-zonalar işläp başlady...