Bloomberg: Apple şertnama boýunça işleýän 100-e golaý işgärini işden çykardy

  • 17.08.2022 13:30
  • 7.1k+

Apple amerikan kompaniýasy geçen hepde şertnama esasynda işleýän 100 töweregi işgärini işden çykardy. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Agentligiň bellemegine görä, işden çykarylan işgärler korporasiýa üçin täze işgärleri saýlamak bilen meşgullanýardy. Apple-iň işden çykarylmaga sezewar bolan işgärlerine munuň häzirki biznes zerurlyklaryndaky üýtgeşmeler bilen baglanyşyklydygy habar berildi.
Iýul aýynda Bloomberg korporasiýanyň mümkin bolan ykdysady çökgünlik sebäpli 2023-nji ýylda täze işgärleriň işe alynmagyny azaltmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Şeýle-de, kompaniýa 2023-nji ýylda zähmet haklary üçin çykdajylary azaltmakçy bolýar, ýöne bu gelnen netije diňe belli bir bölümçelere degişli bolar.


19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.9k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....