Countrymetrics: Ýer ýüzüniň ilaty 8 mlrd adama ýetdi

  • 16.08.2022 17:34
  • 15k+

BMG-niň maglumatlary esasynda işleýän wirtual onlaýn-hasaplaýjy Countrymetrics.info dünýä ilatynyň 8 mlrd adama ýetendigini habar berdi. Şol bir wagtyň özünde erkekleriň sany has köp – 50,5%. Bu barada incrussia.ru belleýär.

Saýtda dünýäniň iň gür ilatly 20 ýurdunyň sanawy hödürlenýär, bu ýurtlarda, takmynan, 5,6 mlrd adam ýa-da planetanyň ilatynyň 70%-i ýaşaýar. Adamzadyň üçden bir bölegi Hytaýda (18,18%) we Hindistanda (17,72%) ýaşaýar. Iň köp ilatly döwletleriň onlugyna ABŞ, Indoneziýa, Pakistan, Nigeriýa, Braziliýa, Bangladeş, Russiýa we Meksika hem girýär.
Countrymetrics.info 2022-nji ýylda ölümiň iň köp ýaýran sebäplerini hem hasaplady. 5,9 mln ölüm işemiýa keseli, 4,2 mln ölüm insult bilen baglanyşyklydyr. Aşaky dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç kesellerinden 2,1 mln adam ýogaldy.
Iýul aýynyň başynda BMG 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli ilatyň 8 milliarda ýetjekdigini aýtdy. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu pursatyň – “planeta barada alada etmegiň umumy jogapkärçiligi barada nobatdaky ýatlatmadygyny we haýsy ugurlarda adamlaryň biri-biriniň öňünde öz borçlaryny ýerine ýetirmeýändigi barada pikirlenmäge sebäpdigini” belledi.


düýn 16:54
6.3k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.5k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
4k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......