Ýewropa sanly pasportlara geçip başlady

  • 16.08.2022 08:06
  • 10k+

Adaty pasportlar geçmişde galýar. Ýewropa adaty kagyz pasportlaryň deregine resminamalaryň sanly görnüşine geçip başlady. ÝB-de synag taslamasyny durmuşa geçirijileriň ilkinjisi Finlýandiýa bolup, bu döwlet sanly pasportlary synamaga taýýardygyny mälim etdi. Finlýandiýanyň häkimiýetleri ýurda giriş üçin zerur bolan adaty resminamanyň deregine syýahatçylara meýletin ýagdaýda ýol resminamalarynyň sanly nusgalaryny özünde saklaýan mobil programmany ýükläp almagy teklip edýärler. Finlýandiýanyň KHBS-niň maglumatlaryna görä, syýahatçylar eýýäm programmany ýükläp başladylar. Bu barada tourprom.ru habar berýär.

ÝB-niň komissiýasy ozaldan bäri Bileleşigiň agza döwletlerini öz sanly pasport resminamalaryny synagdan geçirmäge çagyrýar. Täze maksatnamanyň maksady syýahatçylara mobil programmany ulanyp, tutuş Ýewropa boýunça syýahat etmäge mümkinçilik döretmekden ybarat. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Komissiýasy käbir agza döwletlerden öz çäklerinde synag taslamasyny geçirmegi talap etdi diýip, Finlýandiýanyň “Helsingin Sanomat” gazeti habar berdi.
Maksatnama ilkinji gatnaşyjy Finlýandiýa boldy. Döwlet işgärleri syýahatçylara adaty pasportyň ornuny tutýan ýörite programmany ulanmagy teklip edýärler. Mundan başga-da, häkimiýetler taslamany maliýeleşdirmek üçin ÝB-niň Komissiýasyna arza taýýarladylar. Açyk maglumatlara görä, täze talaplar syýahat prosesini we serhet barlagyny çaltlaşdyrmaga kömek eder. Programmadaky maglumatlar öňünden barlanar we syýahatyň ahyrynda aýrylar.
“Sanly pasport” maksatnamasy Horwatiýada hem durmuşa geçiriler. Ol ýerde hem şeýle taslama işe giriziler diýlip çak edilýär.


28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

27.05.2026 18:08
3.6k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......