2025-nji ýylda BMW we Toyota wodorod ýangyçly awtoulaglary bilelikde çykaryp biler

  • 16.08.2022 08:08
  • 15k+

2025-nji ýylda BMW bilen Toyota bilelikde işlenip düzülen wodorod ýangyç elementlerinde işleýän modelleriň satuwyna başlamakçy bolýar. Bu barada BMW-niň satuw bölüminiň ýolbaşçysy Poter Nota “Nikkei” gazetine beren interwýusynda aýtdy diýip, 3dnews.ru belleýär.

Notanyň aýtmagyna görä, wodorod ýangyjynda işleýän transportyň tehnologiýasy uly ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply ulaglar üçin has derwaýysdyr, üstesine-de BMW-niň arsenalynda eýýäm iX5 Hydrogen konsepti bolup, onuň kiçi tapgyrlaýyn önümçiligi şu ýylyň ahyrynda başlar. BMW bilen Toyota ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini işläp taýýarlamak boýunça birleşigi 2013-nji ýylda döretdi we bilelikdäki taslamanyň üstünde azyndan 2020-nji ýyla çenli işlemegi meýilleşdirdi.
Häzirki wagtda içerki ýangyç hereketlendirijili ulaglara iň meşhur alternatiwa elektromobiller hasaplanýar, şeýle-de bolsa Nota wodorod ýangyjynda işleýän awtomobilleriň peýdasyna birnäçe delil getirdi. Olardan esasysy – bu, elbetde, elektromobiller bilen bagly ýagdaýda ep-esli wagt talap edýän zarýad bermedir, ýangyç guýmak bolsa bary-ýogy birnäçe minut dowam edýär. Şeýle-de, top-menejer BMW-niň diňe bir tehnologiýany ösdürmek islemeýändigini hem-de häzirki komponentleriň ýetmezçiliginiň elektromobillere garanyňda wodorod transporty segmentine az täsir edendigini belledi.
Şeýle-de bolsa, Bawariýada elektromobilleriň önümçiligi çaltlaşar. Eýýäm häzirki günde olar BMW-niň satuwynda ep-esli paý aldylar, 50% bellige bolsa olar 2030-njy ýyla bellenilen möhletden bir ýa-da iki ýyl öň ýeterler. Bu Mini we Rolls-Royce ýaly topara girýän beýleki brendlere hem degişli bolar.


şu gün 09:57
1.6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

düýn 23:53
1.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.2k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......