KHBS: Microsoft ýüzlerçe potratçy bilen hyzmatdaşlygy bes edýär

  • 12.08.2022 20:15
  • 6.1k+

Amerikan tehnologiýa korporasiýasy Microsoft täze işgärleriň işe kabul edilmeginiň togtadylmagy netijesinde ýüzlerçe potratçysy bilen hyzmatdaşlygy bes edýär. Bu barada Business Insider portaly çeşmelere salgylanyp habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa potratçy firmalaryň işgärlerine olar bilen şertnamalaryň eýýäm şu anna güni ýatyryljakdygyny habar berdi. Şol bir wagtyň özünde firmanyň işgärleri kömek puluny almazlar, sebäbi olar Microsoft bilen ýakyndan baglanyşykly bolsalar-da, resmi taýdan bu kompaniýanyň işgärleri däldir. Çeşmeleriň bellemegine görä, ol şertnamanyň hereket ediş möhletiniň tamamlanmagyna näçe wagtyň galandygyna garamazdan hyzmatdaşlygy bes edýär.
Kompaniýa bu babatda teswir bermedi.
Iýul aýynda Microsoft işgärlerini azaltjakdygyny we täze işgärleriň işe kabul ediliş depginini haýallatjakdygyny habar berdi. Mundan başga-da, korporasiýa Russiýanyň bazaryndan gitmek karary sebäpli 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde $126 mln möçberinde operasion çykdajylar bilen ýüzbe-ýüz boldy. 


17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.03.2026 13:28
722

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

31.01.2026 12:04
2.7k+

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi...

31.01.2026 09:16
1k+

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...