Şa zenany Diana hakynda täze serial surata düşürildi

  • 12.08.2022 08:51
  • 8.9k+

"Discovery+" kompaniýasy Şa zenany Diananyň ölümi barada gürrüň berýän "Diana barada derňew: Pariždäki ölüm" atly täze dokumental serialy düşürdi. Ol bary-ýogy dört bölümden ybarat bolar. Bu barada "Independent" neşirine salgylanyp, gazeta.ru ýazýar.

Täze serialy döredijiler wakanyň yzygiderliligini dikeltmäge we Şa zenany Diananyň ölümi baradaky derňewe öz bahalandyrmasyny bermäge çalyşýarlar. Taslama awtoheläkçiligiň yz ýanyndaky, ýagny 1997-nji ýylda hem-de 2004-nji ýylda pariž polisiýasynyň heläkçiligi özbaşdak öwrenmäge başlan wagtyndaky resmi derňewlere bagyşlanýar. 
Efirde derňewleriň ikisine-de gatnaşan derňewçileriň interwýulary görkeziler, olaryň käbiri jemgyýetçiligiň öňünde ilkinji gezek çykyş ederler. Serial režissýorlar Uill Jessop we Barnabi Pell tarapyndan "Sandpaper Filmsiň" studiýasynda düşürildi. Olar mundan ozal Diananyň ölüminden soňky hepdä bagyşlanan "Diana, 7 gün" atly filmi hem döredipdiler. 
Şa zenany Diana 1997-nji ýylyň 31-nji awgustynda Parižde bolup geçen ulag heläkçiliginde aradan çykanda 36 ýaşyndady. Geçen onýyllyklaryň dowamynda onuň dildüwşik esasynda öldürilendigi hakyndaky çaklamalar has artykmaçlyk etdi. 


19.06.2026 19:18
3.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......