Hytaýda sürüjisiz taksiler ulanyşa goýberilip başlandy

  • 11.08.2022 13:23
  • 21k+

Hytaýyň Baidu kompaniýasy hiç hili sürüjisiz ilkinji taksileri işe goýberdi. Olar Çunsin we Uhan şäherlerinde işläp başladylar.
Baidu ozal sürüjisiz ulaglary Hytaýyň dürli sebitlerinde synagdan geçirdi. Ýöne düzgün boýunça ulagda hemişe sürüji-ekspert oturmaly edilipdi. Ol ulagyň hereketine gözegçilik edip, zerurlyk ýüze çykanda dolandyryşy öz eline almalydy.

Häzir gürrüňi edilýän bolsa,  sürüjisiz ulaglarda ilkinji kommersiýa daşaýyşlarynyň amala aşyrylyp başlanandygy baradadyr.  
Hiç hili sürüjisiz ulagda gitmegiň bahasy 16 ýuan, ýene üstüne her geçilen kilometr üçin 2,8 ýuan tölemeli. Şol bir wagtda Baidu kompaniýasy ilkinji müşderilerine  90% arzanlaşyk hödürleýär. Häzirki wagtda Uhan we Çunsin şäherlerinde bary-ýogy 10 robot taksi işleýär. Olaram ýolagçylary gündizine diňe belli çäk aralygynda daşaýarlar. Taslamanyň ösüşine laýyklykda ulagyň sany kem-kemden artdyrylar.


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....