Apple iPhone 14-i wideoýazgy arkaly hödürlär

  • 10.08.2022 22:54
  • 17k+

Apple kompaniýasy iPhone-14-i, Apple Watch Series 8 akylly sagatlaryny we beýleki täze önümlerini hödürlemek üçin sentýabr aýynda geçiriljek tanyşdyrylyş dabarasyny ýazgy edip başlady. Bu barada Bloomberg-iň habarçysy Mark Gurman Power On habar ýollamasynda habar berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Guramanyň aýtmagyna görä, çäre sentýabr aýynyň başyna meýilleşdirilýär. Brendiň käbir muşdaklary kompaniýanyň tomaşaçylar bilen iPhone-yň “janly” tanyşdyrylyşyny geçirmegine garaşypdylar, ýöne bu ýyl hem öňünden ýazgy edilen wideo has makul hasaplanyldy.
Bloomberg-iň žurnalisti Apple-iň öňki ýyllar ýaly 2022-nji ýylyň güýzüne hem birbada iki çäräni meýilleşdirendigini nygtaýar. Sentýabr aýyndaky tanyşdyrylyş iPhone smartfonlaryna we Apple Watch sagatlaryna, oktýabr aýyndaky bolsa Mac kompýuterlerine we iPad planşetlerine bagyşlanar.  


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...