Adamyň synasyny tutuşy derman gerdejikleriniň ereýiş tizligine täsir edýär

  • 10.08.2022 17:08
  • 19k+

Derman gerdejigini ýuwdandan soň, adamyň synasyny nähili tutuşyna baglylykda, dermanyň aşgazanda ereýşiniň tizliginiň 83 göterim ýokarlanyp ýa peselip bilýändigini amerikaly fizikler ýüze çykardylar. Bu iş Physics of Fluids žurnalynda çap boldy. Bu barada sişenbe güni Amerikanyň fizika institutynyň (AIP) metbugat gullugy habar berdi.

Aýratynam, dermany ýuwdandan soň, adam bedenini saga gyşartsa, gerdejigiň ereýşiniň we birbada onuň iýmit siňdiriş ulgamyndaky hereketiniň tizleşýändigini alymlar anykladylar. Beýleki tarapdan, çepe gyşarmak dermanyň molekulalarynyň boşaýşyny birden haýalladypdyr. Bedeni 45 gradus yza gaýşartsaň, dermanyň ereýşi tizleşipdir, ýöne onuň tizligi saga gyşaranyňkyça bolmandyr.
Barlagyň maglumatlaryna görä, synany saga ýa-da çepe gyşartmak gerdejikleriň ereýşini 83% çaltlaşdyrypdyr ýa-da haýalladypdyr. Aşgazanyň götermeýän ýa-da  bedeniň juda gysga wagtda özleşdirmeli dermanlary işlenip taýýarlananda bu ýagdaýy göz öňünde tutmak möhümdir diýip, Baltimordaky (ABŞ) Jon Gopkins uniwersitetiniň professory Rajat Mittal we onuň kärdeşleri netije çykarýarlar.


20.06.2026 12:08
6.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......