Özbegistan atçylyk boýunça Türkmenistanyň tejribesini öwrenýär

  • 10.08.2022 11:00
  • 10k+

Türkmenistan Özbegistanyň çäginde arassa ganly sport atlaryny kemala getirmäge we köpeltmäge gönükdirilen bilelikdäki ylmy taslamany işläp taýýarlamaga gatnaşar.  Bu barada Özbegistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Gahryman Ýuldaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýetiniň golaýda Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde degişli ylalaşyk gazanyldy. 

ORIENT neşiriniň berýän habaryna görä, özbek wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde "Türkmen atlary" döwlet birleşiginiň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirilip, Özbegistanda atçylygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda Özbegistanyň çäginde arassa ganly sport atlaryny kemala getirmäge we köpeltmäge gönükdirilen bilelikdäki ylmy taslamany işläp taýýarlamak boýunça ylalaşyk gazanyldy.


şu gün 10:10
2.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.9k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.3k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....