Awazada geçiriljek ulag forumyna 30-dan gowrak guramanyň ýolbaşçysy gatnaşar

  • 09.08.2022 08:28
  • 14k+

15-16-njy awgustda Türkmenbaşy şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag maslahatyna 30-dan gowrak döwletiň wekiliýetleri, şeýle hem 30-dan gowrak halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoulag Birleşiginiň, Halkara elektrik aragatnaşyk birleşiginiň, TRASEKA we ş.m., birnäçe bank we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary foruma gatnaşýandyklaryny tassykladylar.
Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek forum 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasy tapgyrlarynyň biridir.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......