Saud Arabystany sentýabrda Aziýadaky we ABŞ-daky müşderileri üçin nebitiň bahasyny ýokarlandyrar

  • 07.08.2022 17:35
  • 16k+

Saud Arabystany sentýabr aýynda ABŞ-dan we Aziýa ýurtlaryndan alyjylar üçin eksport edilýän nebitiň bahasyny ýokarlandyrar. Bu barada Saudi Aramco döwlet kompaniýasynyň metbugat relizine salgylanyp, Dow Jones habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Aziýa iberilýän esasy Arab Light görnüşiniň bahasy barreline $0,5 ýokarlanar. Netijede, ol Omanyň we Dubaýyň nebit sebedine garanyňda, barreline $9,8 ýokary bolar. Arab Extra Light görnüşiniň bahasy 30 sent ýokarlandyrylar.
Bahalaryň ýokarlanmagy analitikleriň garaşanyndan has pes boldy diýip, Bloomberg agentligi ýazýar.
ABŞ-a eksport edilýän Arab Light üçin baha hem sentýabr aýynda 50 sent ýokarlanyp, Argus Sour Crude Index bençmarkynyň bahasyndan barreline $6,15 ýokary bolar. 
Şol bir wagtyň özünde Demirgazyk-Günbatar Ýewropadan we Ortaýer deňzi ýurtlaryndan alyjylar üçin bahalar, degişlilikde, 60 we 40 sent arzanlar, netijede Brent bahasy üçin premiýa barreline $4,7 bolar.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...