Hytaýda iň meşhur smartfonlar belli boldy

  • 07.08.2022 17:41
  • 17k+

Chinbrand reýting we konsalting agentligi şu ýylyň birinji ýarymynda Hytaýda müşderileriň ykjam gurluşlardan kanagatlanma derejesiniň reýtingini neşir etdi. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Pikir soraşmanyň netijelerine görä, Apple 86,2 bal kanagatlanma derejesi bilen birinji orny eýeleýär. Huawei umumy sanawda ikinji orny eýeläp, 85,5 bal netije bilen ähli Android brendleriniň arasynda liderlik edýär. Üçünji orny 83,1 bal bilen Xiaomi eýeledi. 
Ilkinji üçlükden galan ähli ykjam telefonlary öndürijiler 80 baldan az bal gazandylar: Oppo – 76,1 bal, Honor – 75,2, iQOO – 74,2, Redmi – 73,7, Vivo – 67,4, Samsung – 67,0. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Oppo 4 orun ýokary galdy, Vivo bilen Samsung bolsa, degişlilikde, 3 we 2 orun aşak düşdi.
Hytaýda henizem gowy satylýan daşary ýurt brendlerinden diňe Apple we Samsung bar, Huawei bolsa hytaý brendleriniň arasynda iň meşhurydyr.
Geçen ýyl reýtinge Apple, Huawei, Xiaomi, Honor, Vivo, OnePlus, Samsung, Oppo we Meizu girdi. Iki ýagdaýda-da reýtingde dokuz smartfon öndürijisi bardy.


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....