Toyota-nyň arassa girdejisi I maliýe çärýeginde 18% azaldy

  • 06.08.2022 09:40
  • 11k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor Corp awtomobil öndürijisi häzirki maliýe ýylynyň birinji çärýeginde arassa girdejisini 18% azaltdy, bu bolsa bazar çaklamasyndan hem ýaramazdyr. Şeýle-de bolsa, girdejiniň ösüşi analitikleriň çaklaýşyndan ýokary boldy diýip, interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde bellenilişi ýaly, aprel – iýun aýlarynda arassa girdeji bir ýyl ozalky 897,8 mlrd ýena bilen deňeşdirilende 736,82 mlrd ýena ($5,5 mlrd) boldy. Hünärmenler bu görkezijiniň 756,8 mlrd ýena möçberinde bolmagyna garaşypdylar.
Toyota-nyň çärýek girdejisi 7% ýokarlanyp, 8,49 trln ýena ýetdi. Bu görkeziji hünärmenler tarapyndan çaklanan 8,17 trln ýenadan ýokary boldy.
Operasion girdeji 42%, 578,66 mlrd ýena çenli azaldy. Ýaponiýada operasion girdeji üçden birine, 337,6 mlrd ýena çenli, Demirgazyk Amerikada iki esseden gowrak, 88 mlrd ýena çenli, Ýewropada dörtden birine, 23,6 mlrd ýena çenli azaldy. Aziýada kompaniýa operason girdejisini 15%, 192,2 mlrd ýena çenli ýokarlandyryp bildi.
Geçen çärýek Toyota awtomobilleriniň satuwy bir ýyl ozalky 2,76 mln awtomobilden 2,54 mln awtomobile çenli azaldy. 
Toyota häzirki maliýe ýylynda arassa girdejiniň 17%, 2,36 trln ýena çenli azalmagyna we girdejiniň 9,9%, 34,5 trln ýena çenli ýokarlanmagyna garaşýar. Bu döwürde kompaniýa 10,7 mln awtomobil satmagy göz öňünde tutýar.
Toyota-nyň paýnamalary penşenbe güni tas 3% arzanlady. Soňky üç aýda kompaniýanyň bazar kapitallaşdyrmasy 6,1% azalyp, 29,84 trln ýena boldy. 


şu gün 09:57
1.6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

düýn 23:53
1.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.2k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......