BMW-niň çärýeklik arassa girdejisi 1,7 esse azaldy

  • 04.08.2022 12:42
  • 14k+

2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG ulag öndürijisiniň arassa girdejisi 1,7 esse kemelip, bir ýyl öň 4,79 mlrd ýewro bolanlygyndan 3,05 mlrd ýewro düşdi. Kompaniýa dünýä bazarlarynda ýagdaýyň ýaramazlaşandygyny duýdurdy.

Salgyt we göterim töleglerine çenli girdeji (EBIT) 31,5%, ýagny 5,01 mlrd ýewro bilen deňeşdirilende, 3,43 mlrd ýewro çenli kemeldi.
BMW-niň düşewündi geçen çärýekde 22%, 34,77 mlrd ýewro çenli artdy.
Kompaniýanyň awtoulag bölümçesi ikinji çärýekde EBIT-i, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 1,7 esse, ýagny 2,46 mlrd ýewro çenli kemeltdi. Görkezijiniň maržasy iýunyň ahyrynda 8,5% boldy.
Ikinji çärýekde awtoulaglaryň üpjünçiligi 19,8% kemeldi, ýagny bir ýyl mundan öň 702 440 bolanlygyndan 563 190-a düşdi.
Kompaniýa üstümizdäki ýyl üçin çaklamany tassyklady, onda awtoulag bölümçesiniň EBIT-niň maržasy 7-9% möçberde diýip göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtda BMW 2022-nji ýylda ulag üpjünçiliginiň çaklamasyny azaltdy we görkeziji geçen ýylyň derejesine garanda biraz aşak bolmagyna garaşýar. Şonda öňden çaklaýşy ýaly, üpjünçiligiň möçberi geçen ýylyň derejesinde bolsa gerek. 
2022-nji ýylyň başyndan bäri BMW-niň kapitalizasiýasy 12,7% pese gaçdy we 52,5 mlrd ýewro boldy.


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......