Weýnaldum "Roma" bilen şertnama baglanyşdy

  • 03.08.2022 23:07
  • 9.4k+

«PSŽ-niň» ýarym goragçysy Žoržinýo Weýnaldum karýerasyny Italiýada dowam eder. Žurnalist Fabrisio Romanonyň Twitterde ýazmagyna görä, 31 ýaşyndaky niderlandly futbolçy «Roma» bilen şertnama baglanyşdy.

Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, ylalaşyk parižliler futbolçynyň rimlileriň düzümine kärendesine geçmegine razy bolanlaryndan soň gazanyldy. 
Geçen möwsümde Weýnaldum ähli ýaryşlarda 38 duşuşyga gatnaşyp, 3 gol geçirdi we 2 sany netijeli pas berdi.


düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......