2025-nji ýylda Hytaýyň ilaty azalyp başlar

  • 02.08.2022 19:31
  • 38k+

Dünýäniň iň gür ilatly ýurdunda dogluşy höweslendirmäge gönükdirilen bir çagaly bolmak syýasatynyň ýatyrylandygyna garamazdan, 2025-nji ýylda Hytaýyň ilaty azalyp başlar diýip, saglygy goraýyş ministrligi mälim edýär. 

Aziýanyň bu ýurdy tiz garraýan işçi güýjüniň demografik çökgünligi, ykdysady taýdan pese düşme we soňky on ýylyň içinde ýurtda ilatyň ösüşiniň juda peselmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Geçen ýyl dogluşyň derejesi taryhy minimuma baryp ýetdi we bu tendensiýa saklanar.

"Ilatyň ösüşiniň depgini ep-esli haýallady. Ol 14-nji bäşýyllygyň (2021-2025-nji ýyllar) dowamynda ösüşiň otrisatel döwrüne girer" - diýip, duşenbe güni saglygy goraýyş ministrligi hasabatynda duýdurdy.

Soňky ýyllarda Hytaý dogluşa gözegçilik etmek syýasatyny gowşatdy. 2016-njy ýylda ol jübütlere iki çaga, geçen ýyldan başlap bolsa üç çaga edinmäge rugsat berdi. Ýöne bu çözgütler dogluş babatynda üýtgeşik öňegidişlik döretmedi. Jübütleri durmuşyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, aýratynam, çagalara bilim bermegiň barha gymmatlaýandygy ýaýdandyrýar.
Resmi maglumatlara laýyklykda, 2021-nji ýylda Hytaýda 10,62 million dogluş hasaba alyndy, bu 1978-nji ýyldan bäri iň pes görkeziji hasaplanýar.


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....