Harby we hukuk goraýjy edaralaryň 7 aýdaky işiniň netijelerine seljerme berildi

  • 01.08.2022 12:02
  • 20k+

30-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda harby we hukuk goraýjy edaralar şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, ýakyn geljek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisde, ilki bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine
Ö.Şyhmämmedowy  belläp, ony Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurory wezipesinden boşatmak baradaky karara gelendigini habar berdi. Soňra degişli resminamalara gol çekildi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk senesi mynasybetli meýilleşdirilen dabaraly harby ýörişe hem-de beýleki degişli çärelere häzirden ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.  Şeýle-de ähli edaralarda, kärhanalarda hem-de ilatyň arasynda yzygiderli ýagdaýda  ýangyna garşy düşündiriş işlerini guramagyň, ýangyn-tehniki kadalaryň berjaý edilişini öwrenmegiň ýangyna garşy gullugyň ilkinji derejeli wezipeleriniň biridigine üns çekildi.
“Ýurdumyzyň gümrük serhediniň üstünden harytlary hem-de ulag serişdelerini geçirmegiň tertibiniň berjaý edilişine aýratyn üns bermek gerek” diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi we umumy kabul edilen ülňülere laýyklykda, degişli işleriň geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


şu gün 08:13
1.5k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.9k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
731

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......