Volkswagen Flying Tiger aerotaksisini görkezdi

  • 30.07.2022 14:31
  • 9.7k+

V.MO — iki sany П görnüşli pilona «asylan» kabinaly adaty däl gurluşly kopterdir. Gabarasy 11,2 x10,6 metr bolan prototip sekiz sany göteriji we iki sany çekiji wint bilen enjamlaşdyrylan.  

Flying Tiger-iň tapgyrlaýyn görnüşi, işläp taýýarlaýjylaryň hasaplamalaryna görä, dört sany ýolagçyny 200 kilometr aralyga akkumulýatorlaryna bir gezek berlen zarýady bilen äkidip biler. Beýleki tehniki häsiýetnamalary häzirlikçe aýan edilmeýär. Şunlukda, täze ulagyň gurluşynyň esasan akkumulýator tehnologiýasynyň we özbaşdak dolandyryşyň çäginde tapgyrlaýyn çözgütlere daýanýandygy barada eýýäm VW-da mälim etdiler.
Synag uçuşlarynyň dowamynda alnan maglumatlary 2023-nji ýylda gurulmagy meýilleşdirilýän ondanam has kämil prototipiň esasyna goýarlar. V.MO-nyň haçan tapgyrlaýyn çykjagy heniz takyk aýdylmaýar, şeýle-de bolsa, geljekde şunuň ýaly awiasiýa islegli ulag serişdesine öwrüler. Aerotaksi Hytaýyň megapolislerinde ýygy-ýygydan gabat gelýän uly dykynlaryň döremeginiň öňüni alar.


14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.2k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......