“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugy dörediler

  • 30.07.2022 23:48
  • 8.2k+

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugyny döretmek teklip edilýär. Bu barada Hökümetiň 29-njy iýulda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň sanlylaşdyrmagy ilerletmek boýunça möhüm işleri ýerine ýetirýändigini aýdyp, sanly ulgamlar babatda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de milli işgärler, ylmy-tehniki we düzümleýin kuwwaty artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, agentligiň ýolbaşçysyna bu meseläni içgin öwrenmegi hem-de degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....