Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni halkara sergi we maslahat bilen belleniler

  • 30.07.2022 14:20
  • 8.6k+

6-njy awgustda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu çärelere taýýarlyk işleri barada Hökümetiň 29-njy iýulda geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, halkara sergä ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewürlik düzümleriniň, daşary ýurtlaryň bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Sergide gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda, himiýa senagatynda, ýol gurluşygynda gazanylýan üstünlikler barada maglumat berýän gymmatlyklar görkeziler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

düýn 16:55
1.6k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

düýn 16:17
2.4k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....

düýn 11:14
1.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......