BMG Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen nobatdaky Kararnamany kabul etdi

  • 30.07.2022 02:40
  • 10k+

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. 19 döwlet bolsa onuň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habar barada 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň bu daşary syýasy ýeňşi bilen gutlap, munuň döwlet Baştutanymyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyň saklanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işjeň syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydygyny nygtady.
Döwlet Baştutany ähli watandaşlarymyzy täze Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, onda dünýä bileleşigi tarapyndan resmi taýdan berkidilen aýratyn çözgütlere ünsi çekdi. Hususan-da, bu möhüm resminama BMG-niň Baş Assambleýasy Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýen halkara hukuk derejesini resmi taýdan yglan edýär; guramanyň ähli agzalaryny Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy saklamaga, sebitdäki döwletleriň özygtyýarlylygyna, syýasy garaşsyzlygyna we çäkleriniň bitewüligine hormat goýmaga çagyrýar; Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň guralynyň halkara parahatçylygy we syýasy durnuklylygy üpjün etmekdäki aýratyn ähmiýetini ykrar edýär; her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşyklaryny guramagy düzgünleşdirýär; Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her bäş ýyldan yzygiderli esasda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bellemegi kesgitleýär; Baş Assambleýanyň gün tertibinde «Merkezi Aziýa parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly meseläni hemişelik esasda berkidýär.


şu gün 11:28
487

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

şu gün 11:27
1.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

düýn 19:44
2k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....