15-16-njy awgustda Awazada ulag ugurly iri forum geçiriler

  • 30.07.2022 02:36
  • 8.6k+

15-16-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda BMG-niň ugurdaş düzümleri bilen geçirilen geňeşmeleriň esasynda onuň maksatnamasynyň deslapky taslamasy taýýarlanyldy. Maslahata görülýän taýýarlyk barada 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bu maslahaty geçirmek üçin ähli degişli meseleleri çözmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, Hökümet derejesinde iş toparyny döretmek we 30-njy iýulda onuň birinji mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu güne çenli 25 döwletiň we halkara guramalaryň 16-synyň wekilleriniň bu foruma gatnaşjakdyklary baradaky tassyklaýyş hatlary gelip gowuşdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyn geçirmek bilen baglanyşykly resminamalary taýýarlamagy hem-de degişli iş toparyny döretmegi tabşyrdy.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......