Türkmen gallaçylary 1,5 mln tonna golaý galla tabşyryp, şertnamany berjaý etdiler

  • 30.07.2022 01:57
  • 5.7k+

29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde türkmen gallaçylarynyň Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylyny tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habar mälim edildi. Bu barada oba hojalyk boýunça wise-premýer A.Ýazmyradow hasabat berdi.

«Ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir adamyň agzybirlikli, yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow edermen gallaçy daýhanlary we ähli türkmen halkyny gazanylan zähmet ýeňşi bilen gutlady.

Hususan-da, döwlet Baştutany ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmek üçin gallanyň bol hasylynyň öndürilmeginde gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde welaýatlarymyzyň etraplaryndaky gallaçylyk hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, öňdebaryjy gallaçy daýhanlaryň we ähli oba hojalyk işgärleriniň her biriniň mynasyp goşandynyň bardygyny belledi.


11.05.2026 22:55
982

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......