Airbus-yň arassa girdejisi ýylyň ikinji çärýeginde üç esse diýen ýaly kemeldi

  • 29.07.2022 08:49
  • 6.3k+

Ýewropanyň Airbus SE aerokosmiki korporasiýasy 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde arassa gidejisiniň birden kemelendigini hasaba aldy we üstümizdäki ýylyň başyndan bäri onuň uçarlar bilen üpjün edijiligi ýaramazlaşdy diýip, Interfaks ýazýar.

Aprel-iýun aýlarynda Airbus-yň arassa girdejisi 682 mln ýewro boldy, emma geçen ýylyň degişli döwründe şol görkeziji 1,87 mlrd ýewrody.
EBIT-iň täzelenen görkezijisi 31%, ýagny 1,38 mlrd ýewro çenli pese gaçdy.
Kompaniýanyň düşewündi 10% azaldy we 12,81 mlrd ýewro boldy.
Kompaniýanyň öz düzen konsensus-çaklamasyna laýyklykda, seljerijiler düşewünt 13,7 mlrd ýewro bolanda, EBIT-iň üýtgän görkezijisi 1,33 mlrd ýewro möçberinde bolar diýip garaşypdylar. 
Indi Airbus şu ýyl müşderilerine 700 kommersiýa uçaryny goýbermegi göz öňünde tutýar, öňki aýdylyşyna görä 720 uçar goýbermelidi. Şonda EBIT-iň ýyllyk çaklanýan üýtgän görkezijisi 5,5 mlrd ýewro derejesinde bolar diýip tassyklandy. 
Birinji ýarymýyllykda Airbus müşderilerine 297 kommersiýa uçaryny goýberdi, bu  bir ýyl mundan öňki görkeziji bilen des-deňdir.
Ýylyň başyndan bäri Airbus-yň kapitalizasiýasy 5,5%, 82,67 mlrd ýewro çenli peseldi.


24.01.2026 23:50
4.7k+

Samsung Ýewropada gaýtadan dikeldilen Galaxy S25 smartfonlarynyň satuwyna başlady

Samsung kompaniýasy Certified Re-Newed (CRN) maksatnamasyny Ýewropa çenli giňeltdi we Galaxy S25 seriýasynyň dikeldilen smartfonlaryny satyp başlady. Bu enjamlar eýýäm Germaniýada, Fransiýada we Beýik Britaniýada elýeterli...

17.01.2026 16:47
3.6k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy...

15.01.2026 21:26
2.7k+

Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy

Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalara 793 raýat uçaryny iberdi. Görkeziji 2024-nji ýyldaky 766 uçar bilen deňeşdirilende 3,5% ýokarlandy. Täze uçarlary dürli ýurtlarda 91 müşderi kabul etdi...

10.10.2025 09:23
4.9k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy...