Samsung Galaxy S22-niň täze wersiýasy tanyşdyryldy

  • 28.07.2022 19:12
  • 17k+

Samsung kompaniýasy öňdebaryjy Samsung Galaxy S22 smartfonynyň 800 amerikan dollary bahalandyrylýan Bora Purple reňkdäki täze wersiýasy bilen tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň aýtmagyna görä, benewşe iň islegli, şeýle hem Galaxy-niň däp bolan reňkidir: "Bu reňk özboluşlylygyň nusgasy, serhetleriň çägini giňeldýär we mydama açyklyk konsepsiýasynyň çäklerinde täzeçilligi ornaşdyrýar".
Benewşe modeliň apparat şekilindäki durky edil beýleki reňkdäkileriňki ýalydyr.  Samsung Galaxy S22 şekili täzeleýiş tizligi 120 Gs bolan 6,1 dýumlyk diagonally AMOLED ekran, Samsung GN5-iň 50 megapiksellik esasy kamerasy, 12 megapiksellik aşa giň burçly we 12 megapiksellik teleobýektiwli (3X, OIS) kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Esasy kamera we teleobýektiw şekiliň optiki durnuklylygyny saklaýar.
Samsung Galaxy S22 öňdebaryjy birkristally Qualcomm Snapdragon 8 Gen 1 ulgamy, 3700 mA.s sygymly akkumulýator we tozandan, suwdan goraýan IP68 bilen enjamlaşdyrylan. Ol 10-njy awgustda satuwa çykar.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...