Alphabet-iň ikinji çärýekdäki arassa girdejisi 2,5 mlrd dollar kemeldi

  • 28.07.2022 12:17
  • 3.4k+

Google kompaniýasy degişli bolan Alphabet amerikan korporasiýasynyň arassa girdejisi ikinji çärýekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,5 mlrd dollar azaldy. Muňa kompaniýanyň sişenbe güni çap edilen maliýe hasabatynda maglumatlar şaýatlyk edýär diýip, TASS ýazýar.

30-njy iýunda tamamlanan üç aýyň jemi boýunça Alphabet-iň arassa girdejisi 16,002 mlrd dollar boldy, şonuň bilen birlikde geçen ýylyň degişli döwründe kompaniýanyň arassa girdejisi 18,525 mlrd dollar bolupdy.
Geçen üç aýyň içinde kompaniýanyň umumy düşewündi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6% ýokarlanyp, 69,685 mlrd dollar boldy. Şeýle-de bolsa, The Wall Street Jounal neşiriniň bellemegine görä, kompaniýanyň ösüşiniň depgini pandemiýanyň başyndaky görkezijileriň derejesine çenli haýallady, ýogsam Alphabet-iň düzümi geçen ýyl 30 müň adam artypdy. Häzirki wagtda kompaniýada 174 müňden gowrak adam işleýär. 


düýn 12:03
7.9k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......