Bugatti logotipini täzeledi

  • 27.07.2022 23:03
  • 6.9k+

Bugatti logotipini täzeleýändigini mälim etdi. Markanyň nyşany öňküsi ýaly ony esaslandyran Ettore Bugattiniň adyny we familiýasyny alamatlandyrýan E we B harplarynyň birleşigi görnüşinde bolar. Emma indi olar ikölçegli bezegde ýerine ýetiriler (owal harplar "tekiz" däl-de, "güberçekdi"). Onsoňam birazajyk şriftleri üýtgär.

"Biz diňe bir täze daşky görnüş döretmek bilen oňmadyk. Biz gelip çykyşymyzy, 2000-nji ýyllarda işjeň salgylanan taryhy baglanyşygymyzy seljerdik. Biz Chiron-yň Bugatti brendiniň görnüşini we özüneçekijiligini üýtgedişine, soňky on ýylyň içinde dünýäniň neneňsi üýtgeýşine baha berdik. Veyron çykan wagty Iphone-nyň heniz ady-sorunyň hem ýokdugyny ýatdan çykarmaň" - diýip, Bugatti Automobiles-iň satyş we marketing boýunça dolandyryjy direktory Hendrik Malinowski belleýär.

Golaýda Bugattiniň bahasy 3,5 mln ýewrolyk Chiron Super Sport 300+ giperkaryny öndürmegi tamamlangyny belläliň. Kuwwaty 1600 at güýjüne deň bolan W16 hereketlendirijisine daýanyp, ulag 490 km/sag-a çenli badyny artdyryp bilýär. 
Onsoňam, Chiron modeliniň asyry hem ahyrlap barýar: şu ýyl müşderiler soňky ulaglary alsalar gerek. Eýýäm 2024-nji ýylda Bugatti  Rimac kompaniýasy bilen bilelikde dörediljek garnuw motorly düýbünden täze giperkary hödürlär.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....