«Ýewrowideniýe-2023» Beýik Britaniýada geçiriler

  • 26.07.2022 14:01
  • 4.6k+

«Ýewrowideniýe» halkara aýdym-saz bäsleşigi Ukrainada däl-de, Beýik Britaniýada geçer diýip, guramaçylar habar berdiler.

«Ýewropanyň ýaýlymlar birleşigi (EBU) we BBC «Ýewrowideniýe-2023» aýdym bäsleşigi Beýik Britaniýada geçer diýip tassyklaýarlar» diýip, bäsleşigiň saýtyndaky habarda aýdylýar.
Şol bir wagtda, Ukrainanyň  "uly bäşlik" (bäsleşigiň döredilmegine uly goşant goşan ýurtlar) bilen bäsleşigiň grand-finalyna  awtomatik usulda çykjakdygy takyklanýar. "Uly bäşlige" girýänler, düzgüne görä, finala ýarym finala gatnaşmazdan çykýarlar. Şeýle-de, guramaçylar öňde duran şüweleňe "ukrain elementlerini" ornaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar.
Bäsleşigiň haýsy şäherde geçiriljegi biraz gijräk kesgitlener.
Ukrainadaky ýagdaý sebäpli bäsleşigi ol ýerde geçirmezlik kararyna gelnendigi barada owal guramaçylar habar beripdi. Bäsleşigi başga ýere geçirmekde "howpsuzlyk nukdaýnazaryndan"   ugur alyndy.
Turinde (Italiýa) geçen "Ýewrowideniýe-2022"-de  özüniň Stefania kompozisiýasy bilen Ukrainadan gelen Kalush Orchestra topary ýeňiji boldy. Ikinji ýere özüniň Space man aýdymy bilen Beýik Britaniýanyň wekili Sem Raýder mynasyp boldy.
"Ýewrowideniýe" 1956-njy ýyldan bäri geçirilýär.


17.05.2026 14:15
5.6k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 22:44
6k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

16.05.2026 12:10
3.3k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....

11.05.2026 18:12
1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......