SpaceX-iň raketasy bat almaga bir minutdan hem az galanda ýatyryldy

  • 24.07.2022 20:01
  • 18k+

Starlink internet-gurşaýyş ulgamynyň ählumumy torunyň orbital toplumynyň üstüni ýetirmek üçin 46 sany kiçi hemradan ybarat nobatdaky toplum bilen ýüki ýetirilen agyr Falcon 9 raketa-göterijini penşenbe güni goýbermek meýilleşdirilipdi, emma onuň bat almagyna 46 sekunt galanda bu iş goýbolsun edildi diýip, SpaceX işläp taýýarlaýjy-kompaniýa habar berýär.

Sebäbi barada hiç zat habar berilmeýär. Bu çäre bir gije-gündiz yza süýşürildi. Goýberişi ABŞ-yň Ýuwaş umman kenarýakasynyň wagty boýunça sagat 10:39-da (Aşgabat wagty bilen 22:39-da ) Kaliforniýanyň Wandenbergindäki  ABŞ-yň Kosmiki güýçleri bazasyndan amala aşyrmak göz öňünde tutulýardy.
Ol 2019-njy ýylyň maýyndan bäri Starlink taslamasynyň çäklerinde orbita goýberilen internet-hemralaryň tertip boýunça 53-injisi we şu aýdaky goýberilenleriň bolsa 4-njisi bolmalydy.
SpaceX häzirki wagta çenli jemi 2858 internet-hemra goýberdi. Olaryň bir bölegi hatardan çykdy ýa-da orbitadan çykyp gitdiler. 2,5 müňden gowrak apparat orbitada işjeň ýagdaýda galýar.  
Häzirki wagtda kompaniýa dünýäde iň iri hemra operatory hasaplanýar. SpaceX-iň maglumatlaryna görä, Starlink internet tory dünýäniň 32 ýurdunyň, şol sanda Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň, Uzak Gündogaryň we Awstraliýanyň  ulanyjylaryna elýeterdir. Pentagonyň maglumatlaryna esaslansaň, amerikan harbylary hem bu hemralaryň hyzmatyndan işjeň peýdalanýarlar.


26.04.2025 13:06
2.3k+

Amazon-yň hemra internetiniň geljegi sorag astynda: Starlink-iň bäsdeşi taslamasyna ýetişenok

Amazon kompaniýasynyň emeli hemra arkaly internet ulgamyny döretmek ugrunda işe girizen iri taslamasy bolan Project Kuiper agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Içerki çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa 2026-njy ýylyň tomsuna çenli uçurylmaly 1600 hemranyň bary-ýogy onlarçasyny öndüripdir...

21.04.2025 20:54
4.2k+

Hindi astronawty soňky 41 ýylda ilkinji gezek kosmosaz uçar

Maý aýynda Hindistan soňky kyrk ýylda ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer. Bu milli ekipažly maksatnamany ösdürmekde möhüm ädim bolar. Hindi kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) öz raýatynyň Axiom Space Ax-4 missiýasyna gatnaşmagyny tassyklady...

17.04.2025 18:18
9.2k+

Bagama adalary şowsuz wakadan soň SpaceX raketalarynyň öz suwlaryna gonmagyny gadagan etdi

Bagama adalarynyň hökümeti daşky gurşaw boýunça derňewler doly tamamlanýança, SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketalarynyň ýurduň çägindäki suwlara gonmagynyň togtadylýandygyny habar berdi. “Daşky gurşawa ýetýän täsire doly baha berilýänçä, mundan beýläk hiç hili ygtyýarnama berilmez” – diýip, Bagama adalarynyň aragatnaşyk direktory Latrae Raming aýtdy...

12.04.2025 17:50
4.8k+

Emeli hemralar Starship-iň Floridadaky ilkinji uçuş meýdançasynyň gurluşygyny surata aldy

Airbus kompaniýasynyň emeli hemralary täze düşürilen suratlary paýlaşdy. Şol suratlarda Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasyna degişli Starship transport ulgamy üçin gurulýan uçuş meýdançasynyň gurluşygy hem görünýär...