Täze Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine 5 sany halkara güwänama berildi

  • 21.07.2022 00:33
  • 16k+

Ozal habar berlişi ýaly, 20-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda täze merkeze halkara güwänamalaryň birnäçesi gowşuryldy. Hususan-da, “General Electric Gas Power Europe” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary dabaraly ýagdaýda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine “General Electric” kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmaga rugsat berilýändigi barada güwänamany gowşurdy. Soňra Beýik Britaniýanyň “The London Energy Club” kompaniýasynyň ABŞ-daky wekili Hubert Wilson Watson bu täze desga Merkezi Aziýada şu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş merkezidigi, onuň iň döwrebap taslamadygy hem-de inženerçilik toplumydygy baradaky “The London Energy Club” kompaniýasynyň güwänamasyny gowşurdy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Fraunhofer” adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň professory Harald Apel bu institutyň adyndan merkeze durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy barada güwänamany gowşurdy. Soňra Güwänamalaşdyrmak hem-de baha bermek boýunça halkara gurama — Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “TUV” kompaniýasynyň Awstriýa Respublikasyndaky şahamçasynyň energiýa boýunça müdiri Anton Lepikson “TUV Austria” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine bu desganyň ýokary hilli we talabalaýyk gurlandygy baradaky güwänamasyny gowşurmak hakynda çözgüde gelendigini habar berdi.
“Duisburg-Essen” uniwersitetiniň (GFR) professory Bernd Reinhold Rosin hem Germaniýada iň iri okuw merkezleriniň biri bolan bu uniwersitetiň Aşgabatda açylýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänamany gowşurmak çözgüdine gelendigini habar berdi. 


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....