Beýik Britaniýada uçýan taksiler peýda bolup biler

  • 20.07.2022 14:59
  • 22k+

Amerikan kompaniýasy Joby Aviation Beýik Britaniýada özüniň uçýan taksisini sertifikatlaşdyrmak üçin arza tabşyrdy. Bu barada kompaniýa öz saýtynda habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Kaliforniýada ýerleşýän Joby Aviation Beýik Britaniýada özüniň rewolýusion önüminiň sertifikatlaşdyrylmagy üçin arza tabşyrandygy barada mälim etdi. Häzirki wagtda kompaniýa ABŞ-nyň Federal awiasiýa edarasynda (FAA) görnüşi sertifikatlaşdyrmakdan geçýär we amerikan bazarynyň onuň üçin birinji boljakdygyny çaklaýar. Şeýle-de bolsa, FAA-nyň sertifikaty bir wagtda Beýik Britaniýanyň Raýat awiasiýasynyň edarasy tarapyndan hem tassyklanyp bilner, bu hem startapyň britan bazaryna çykyşyny çaltlandyrar. Şeýlelik bilen, Joby Aviation amerikan sertifikatyny daşary ýurtda tassyklatmak üçin ýüz tutan eVTOL (Electric Vertical Take-off and Landing) elektrik hereketlendirijisi bilen dik uçuş we gonuş enjamyny ilkinji işläp düzüji bolar” – diýlip, beýannamada aýdylýar.  

Kompaniýa 10 ýyl bäri bäş orunlyk elektrik aerotaksini döretmegiň üstünde işleýändigini belledi. Onuň iň ýokary tizligi – 200 km/sag, uçuş aralygy – 150 km töweregi. Enjam alty elektrik hereketlendirijide işleýär, dik uçuş we gonuş bolsa oňa islendik ýerde işlemäge mümkinçilik berýär.

“ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň sertifikatlaşdyrma ugrunda hyzmatdaşlygy bu ýurtlara möhüm täze tehnologiýany ilkinji bolup almaga mümkinçilik berer. Bizi howa gatnawlarynyň potensialy ruhlandyrýar. Bu Beýik Britaniýada ekologiýa taýdan arassa we elýeterli sebitleýin gatnawyň bir usuly” – diýip, Joby Aviation-yň esaslandyryjysy we baş müdiri Joben Bewirt belleýär. 


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
957

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......