Beýik Britaniýada temperaturanyň iň aňrybaş rekordy bellige alyndy

  • 20.07.2022 09:31
  • 27k+

Sişenbe güni Beýik Britaniýada gözegçilikleriň tutuş taryhynyň dowamynda howanyň iň ýokary temperaturasy bellige alyndy diýip, britan habar beriş serişdeleri ýazýar.

Olaryň berýän maglumatlaryna görä, Londonyň Hitrou howa menziliniň töwereginde termometriň sütünjigi Selsiýa boýunça 40,2 derejä galypdyr.
Beýik Britaniýada ondan öňki bellige alnan temperatura rekordy Selsiýa boýunça 38,7 derejäni görkezýär eken: ony 2019-njy ýylda Kembrij uniwersitetiniň Botanika bagynda hasaba alypdyrlar.
Şonuň bilen birlikde, Britaniýanyň howa maglumaty gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni biraz gijräk käbir etraplarda howanyň temperaturasy Selsiýa boýunça + 41 derejä çenli galmagy mümkin diýip çaklanypdyr.
Adatdan daşary yssy sebäpli Beýik Britaniýada otlularyň hereketinde bökdençlik döredi, birnäçe demir ýol liniýalary we awtomagistrallar ýapyldy.


19.06.2026 19:18
3.5k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......