Çagalar we ýetginjekler TikTok-a YouTube-dan has köp wagt sarp edip başladylar

  • 15.07.2022 17:12
  • 29k+

Çagalar we ýetginjekler TikTok-da YouTube-a garanyňda has köp wagt geçirip başladylar. Bu barada Qustodio kompaniýasynyň gözlegine salgylanyp, “TechCrunch” internet neşiri habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär. TikTok ilkinji gezek 2020-nji ýylyň iýun aýynda 4 – 18 ýaş aralygyndaky ulanyjylaryň arasynda bir günde ortaça görüş wagty boýunça YouTube-dan öňe geçdi. 

Çagalar TikTok-a günde ortaça 75 minut, YouTube-a bolsa 64 minut seretdiler. Şondan bäri TikTok ýaş ulanyjylar tarapyndan gyzyklanma bildirilýän wideo platformalaryň arasynda lider bolmagy dowam etdirýär. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli TikTok-yň görkezijisi ep-esli ýokarlanyp, bir günde 91 minuta ýetdi. Şol bir wagtyň özünde YouTube-da pese gaçyş hasaba alynýar – 56 minut.
Global maglumatlar ene-ata gözegçiligi üçin programma üpjünçiligini öndüriji Qustodio tarapyndan ýygnaldy we seljerildi. Gözlegde 400 müň maşgaladan alnan maglumatlar gözden geçirildi. Qustodio-nyň maglumatlaryna görä, 18 ýaşdan kiçi ulanyjylar bilim programmalary bilen bir hatarda internete günde ortaça 4 sagat sarp edýärler.
2021-nji ýylda tutuş dünýä boýunça çagalar we ýetginjekler Disney+ akym wideo serwisi üçin günde 47 minut, Netflix – 45 minut, Amazon Prime – 40 minut, Hulu – 38 minut, Twitch – 20 minut sarp etdiler.


16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.6k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......