Rahim Sterling «Çelsä» geçdi

  • 14.07.2022 09:05
  • 12k+

Hüjümçi Rahim Sterling «Mançester Sitiden» Londonyň «Çelsisine» geçdi diýip, klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

Angliýanyň ýygyndysynyň 27 ýaşly futbolçysy bäş ýyllyk şertnama gol çekişdi.
Transferiň bahasy heniz köpçülige ýetirilmedi.

«Rahim Sterlingiň şertnama gol çekişmegi - biziň düzümimiziň güýçlenmegi üçin möhüm ädim boldy. Biz Rahimiň "Çelsi" bilen Londona gaýdyp gelendigine begenýäris we onuň "Stemford Brijde" ("Çelsiniň" stadiony) boljak ýokary derejeli oýnuny görmäge howlugýarys» - diýip, klubuň metbugat gullugy şärikdeş eýesi Todd Bouliniň sözlerini getirýär.
Sterling "Sitidekä" 337 oýunda oýnap, 131 gol geçirdi we 94 gezek netijeli pas berdi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......