ÝB-niň ilat sany eýýäm ikinji ýyl azalmagyny dowam etdirýär

  • 12.07.2022 15:04
  • 13k+

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň umumy ilat sany geçen ýylyň ýanwar aýyndaky 447 mln adamdan 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 446,8 mln adama çenli azaldy. Şeýle azalma bassyr ikinji ýyl dowam edýär diýip, Ýewrostat statistika agentligi habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Gözlegçiler munuň esasy sebäbiniň dogulýanlaryň we migrasiýanyň sanyndan ölüm sanynyň ýokary bolmagydygyny belleýärler. Awtorlar şeýle dinamikanyň koronawirus epidemiýasynyň netijeleri bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
Agentligiň habarynda ÝB-de ilat sanynyň umumy azalandygyna garamazdan, bu tendensiýanyň ähli ýurtda hasaba alynmandygy bellenilýär. Ilat sanynyň iň uly azalmasy Italiýada (-253,1 müň), iň pes azalmasy Sloweniýada (-1,8 müň) hasaba alyndy. Şol bir wagtyň özünde ýaşaýjylaryň sany 17 ýurtda artdy, Fransiýada bu görkeziji has ýokary (185,9 müň), Estoniýada pes boldy (1,7 müň). 
Hünärmenler uzak döwrüň dowamynda ÝB-niň ilatynyň 1960-njy ýyldaky 354,5 mln adamdan 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli 446,8 mln adama ýetendigini, ýagny 92,3 mln adam artandygyny belleýärler. Şeýle-de bolsa, soňky onýyllyklarda ösüş depgini kem-kemden haýallady.
2020-nji ýylda ÝB-de 2019-njy ýyla garanyňda, 531 müň adam, 2021-nji ýylda 2020-nji ýyla garanyňda, 113 müň adam köp ýogaldy.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....