Volvo Cars Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyny terk edýär

  • 12.07.2022 11:50
  • 9.7k+

Şwesiýanyň Volvo Cars awtomobil kompaniýasy Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasynyň (ACEA) düzüminden çykmak kararyna geldi we şeýlelik bilen, Ýewropa Bileleşiginiň 2035-nji ýyldan benzin we dizel hereketlendirijileri bolan awtomobilleriň satuwyny gadagan etmek baradaky meýilnamalaryna garşy çykýan Ýewropadaky pudaklaýyn lobbi bilen ylalaşmaýandygyny görkezdi. Bu barada kompaniýanyň beýanyna salgylanyp, Agence France-Presse (AFP) habar beýär. Muny TASS ýetirýär.

“Volvo Cars 2022-nji ýylyň ahyrynda Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyny terk eder. Düýpli seljermeden soň, biz kompaniýanyň durnukly ösüş ugrundaky strategiýasynyň we maksatlarynyň ACEA-nyň ýagdaýyna we iş usullaryna doly laýyk gelmeýändigi baradaky netijä geldik. Şonuň üçin biz häzir başga ýoly saýlamak gowy bolar diýip hasaplaýarys” – diýip, kompaniýa belleýär.

Agentlik 2030-njy ýyldan başlap diňe elektrik awtomobilleri öndürmegi meýilleşdirýän Volvo Cars kompaniýasynyň ýylyň ahyryna çenli ACEA-dan gitmekçidigini mälim eden Stellantis awtokonserniniň göreldesine eýerýändigini belleýär. Şol bir wagtyň özünde, Stellantis 2030-njy ýyldan Ýewropada diňe elektromobilleri satjakdygyny aýtsa-da, onuň sebäbi barada resmi taýdan habar bermedi.

Häzirki wagtda ACEA-nyň düzümine 16 awtoöndüriji girýär, olaryň arasynda BMW, Ferrari, Ford, Honda, Jaguar – Land Rover, Mercedes-Benz, Renault, Volkswagen bar. Agentligiň belleýşi ýaly, Ýewropada uly lobbi gurluşy bolan bu assosiasiýa iýun aýynda Ýewroparlament tarapyndan tassyklanan Ýewrokomissiýanyň 2035-nji ýyldan içerki ýangyç hereketlendirijili täze awtomobilleriň satuwyny gadagan etmek baradaky meýilnamasyna düýbünden garşy çykdy. Aýratynam, ol hem içerki ýangyç hereketlendirijisi, hem elektrik hereketlendirijisi bolan gibrid awtomobilleri bazara ornaşdyrmak isledi.  

 

http


01.04.2026 16:47
2.9k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

09.03.2026 11:12
4.9k+

Dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndürijileriniň reýtingi düzüldi

Lead The Charge toparynyň geçiren barlaglaryna görä, Amerikanyň Tesla kompaniýasy dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndüriji hökmünde ykrar edildi. Bilermenler diňe bir modelleriň hataryny däl, eýsem ulaglaryň tutuş önümçilik dolanyşygyny seljerdiler...

06.02.2026 15:08
2.7k+

Volvo täze EX60-yň tanyşdyrylyşyndaky "adatdan daşary" tekerleriň syryny düşündirdi

Volvo kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin özüniň ýeke-täk täze modeli bolan EX60 elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Emma tanyşdyrylyş dabarasy täze tehnologiýalardan has köp, ulagyň tekerleriniň "adatdan daşary" hereketi bilen ýatda galdy...

27.01.2026 10:20
2.3k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer...