Pajygaly aradan çykan Sindzo Abeniň hatyrasyna Aşgabatda sadaka berildi

  • 12.07.2022 11:39
  • 55k+

11-nji iýulda Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanynyň adyndan Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu waka Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministriniň ýagty ýadygärligine çuňňur hormat goýulýandygynyň güwäsi boldy. “Arkadag” myhmanhanasynda geçirilen çärä hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Hajy Arkadagymyz sadaka gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, hormatly Prezidentiň adyndan berilýän bu gurbanlyk sadakasyny Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlaýandygyny aýtdy. Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, merhum döwlet işgäri häzirki döwür dünýä syýasatçylarynyň hem-de döwlet işgärleriniň arasynda aýratyn orun eýeleýärdi hem-de halkara derejede belent abraýa eýe boldy. Sindzo Abe Ýaponiýanyň Hökümetiniň baştutany bolmak bilen, tutuş ömrüni öz ýurdunyň bähbidine gulluk etmäge bagyşlady. Dünýäniň dürli döwletleri hem-de iri halkara guramalar bilen durnukly, özara hormat goýmak gatnaşyklaryny saklady diýip, hajy Arkadagymyz belledi.

"Sindzo Abe Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna uly goşant goşan beýik syýasatçydyr hem-de meşhur şahsyýetdir. Maňa birnäçe gezek onuň bilen duşuşmak miýesser etdi. Biz hemişe onuň belent adamkärçilik häsiýetlerine uly hormat goýýardyk, onuň bilen dostluk gatnaşyklaryny saklaýardyk" diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

"Görnükli şahsyýetiň hatyrasyna berýän gurbanlyk sadakamyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Sindzo Abe gurban boldy" diýip, hajy Arkadagymyz belledi we onuň ýagty ýadygärligine hormat goýup, bir minut dymyşlyk yglan etdi. Soňra Aşgabat şäheriniň ymamy tebärek çykdy. Tebärekden soň, merhum Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasy berildi.

Hajy Arkadagymyz Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň ýanyna baryp, Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly duýgudaşlyk bildirdi we tutuş ýapon halky üçin agyr günde medet beriji sözlerini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan Imperator Naruhito, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida çuňňur gynanç sözlerini ýetirmegini haýyş etdi.


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......