1992-nji ýylyň Toyota Camry-sy iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawynda lider boldy

  • 11.07.2022 20:28
  • 59k+

CarBuzz portaly onlarça ýyllaryň dowamynda işläp bilýän awtoulag modelleriniň sanawyny düzdi. Reýtinge biznes-sedanlar, ykjam modeller we hatda ýönekeý gurluşy, ygtybarly hereketlendirijileri we hyzmat etmekde ýönekeýligi bilen tapawutlanýan ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply bir awtoulag hem girdi. Şeýlelikde, bu sanawda birinji orny 30 ýyl mundan öň çykan Toyota Camry eýeledi diýip, vonauto.ru habar berýär. 

Awtoulag hiç hili döwülmezden 500 000 kilometr ýoly geçip bilýär. Şol bir wagtyň özünde, oňa bildirilýän ýeke-täk talap ýagyň çalşylmagydyr.
Ikinji we üçünji orunlary 1989-njy ýylyň Honda Accord we 1996-njy ýylyň Volvo P1800 awtoulaglary eýeledi. Dördünji orunda 1950 – 1979-njy ýyllarda çykan Volkswagen Beetle ýerleşdi. Düýpli näsazlyk bolmasa, bu sedan, gürrüňsiz, 800 müň kilometri geçip biler. Liderleriň bäşligini dizel hereketlendirijisi bolan Mercedes-Benz 240D/300D jemleýär. Onuň yzyndan bolsa Ford Crown Victoria, Jeep Cherokee XJ 1987 – 2001 we Toyota Sprinter gelýär.
Portalyň belleýşi ýaly, bu awtomobiller döwülmezden millionlarça kilometr ýoly geçip bilýärler. Mysal üçin, Volvo P1800 üç million mil ýa-da 4,9 million kilometr ýoly geçmek bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......