Mekgedäki zyýaratçylar haj wagtynda 3 petabaýtdan gowrak maglumat ulandylar

  • 11.07.2022 11:57
  • 27k+

Musulman zyýaratçylary 8-nji iýulda – hajyň soňky güni – Mekgede 3,16 petabaýt mobil maglumatlaryny ulandylar. Bu barada Saud Arabystanynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary komissiýasy öz saýtynda habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Komissiýa tarapyndan düýpli taýýarlyk görülmegi netijesinde zyýaratçylar Mekgedäki telekommunikasion ulgamlaryň üsti bilen 3,16 müň terabaýt maglumat ulandylar. Bu 1,29 mln sagat HD formatyndaky wideony göreniňe deňdir. Mobil internetiniň ýükleme tizligi 271,66 Mbit/s ýetdi, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 15% ýokarydyr. Mekgäniň mobil ulgamlarynda iberiş tizligi 35,2 Mbit/s ýetdi (2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 15% ýokary)” – diýip, düzgünleşdiriji habar berdi.

Mundan başga-da, komissiýa hajyň soňky güni Mekgede ulanylan mobil maglumatlarynyň ortaça göwrümini hasaplady. Ol adam başyna 800 Mb-den geçdi. Şol bir wagtyň özünde, ortaça global görkeziji, takmynan, 200 Mb deň. Mobil trafigi taýdan iň meşhur we “ýüklenen” programmalar YouTube, TikTok, Snapchat hem-de has meşhur sosial ulgamlar boldy.
Düzgünleşdiriji 8-nji iýulda Mekgäniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň 12,9 mln ýerli we 1,41 mln halkara jaňlaryny amala aşyrandyklaryny we olaryň 98%-iniň üstünlikli bolup, tehniki näsazlyklar sebäpli kesilmändigini belleýär.
Saud Arabystany koronawirus pandemiýasy sebäpli soňky iki ýyl daşary ýurtly zyýaratçylary kabul etmedi we diňe şu ýyl şeýle mümkinçiligi gaýtadan döretdi. Şol bir wagtyň özünde, patyşalygyň häkimiýetleri haj döwründe dine uýýan adamlar üçin giriş şertlerini çylşyrymlaşdyrdy we kwotalary belledi. Käbir hasaplamalara görä, şu gezek Mekgä bir milliona golaý zyýaratçy bardy. Dine uýýan adamlar üçin haj parzyny berjaý etmek möhüm ähmiýete eýe bolansoň, bu adamlar sosial ulgamlarda musulmanlar üçin mukaddes toprakdaky tejribeleri bilen paýlaşdylar, wideo ýaýlymlaryny gurap, wideo jaňlaryny amala aşyrdylar. Bu aýratynlyklary göz öňünde tutup, saud häkimiýetleri ýokary aragatnaşyk standartlaryny üpjün etmek we bar bolan telekommunikasiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmek üçin çäreleri görmäge synanyşdylar.   


10.03.2026 13:50
8.8k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...

06.02.2026 17:57
8.2k+

Saud Arabystanynda düýelere pasport berlip başlandy

Saud Arabystanynyň hökümeti düýeler üçin pasport ulgamyny işe girizdi. Täze resminamanyň girizilendigi barada Patyşalygyň Daşky gurşaw, suw serişdeleri we oba hojalyk ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi. «Onuň Alyjenaby ministriň orunbasary “Düýe pasportyny” tanyşdyrdy...