Türkmenistan «.tm» milli domen meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

  • 03.07.2022 09:39
  • 9.8k+

1-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “.tm” belgili milli domen barada hasabat berdi. 

“Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyz üçin ýokary derejeli “.tm” belgili milli domen döwlet emlägi bolup, ony dolandyrmak ýurdumyzyň  çäginde amala aşyrylar. Bu işleriň bilelikde ýola goýulmagy “Türkmendomen” hojalyk  jemgyýetiniň zerur maddy-enjamlaýyn binýadyny emele getirmäge, ýokary derejeli milli domeni dolandyrmak işini özbaşdak amala aşyrmaga amatly şertleri döreder. 
Agentligiň ýolbaşçysynyň maglumatlaryna görä, ýokary derejeli “.tm” belgili milli domen öz aňladylyşy boýunça “bellige alnan söwda nyşany (Trade Mark)” diýen iňlis dilindäki meşhur gysgaltma gabat gelýär we dünýäniň birnäçe kompaniýalarynyň ýokary islegli domenleriniň biri bolup, milli önüm öndürijileriň önümleriniň, kompaniýalarynyň Türkmenistana dahyllydygyny dünýä aýan etmek üçin internet sahypalarynyň salgylarynda işjeň ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna “Türkmendomen” hojalyk jemgyýeti bilen degişli kompaniýanyň arasynda maýa goýum şertnamany baglaşmak hakyndaky teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow “.tm” milli domen meseleleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, agentligiň ýolbaşçysyna bu meseläni jikme-jik öwrenmek we degişli teklipleri taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi. 


şu gün 17:48
1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

şu gün 12:12
1.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

düýn 10:07
2.8k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....