Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmegiň Meýilnamasy taýýarlanyldy

  • 02.07.2022 14:05
  • 16k+

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işleriň Meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada 1-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew habar berdi.

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler hem-de düzümler bilen bilelikde işler alnyp barylýar. Serhetýaka söwda zolagynyň işini halkara we sebit lomaý-bölek söwdasynyň häzirki zaman tejribelerine laýyklykda ýola goýmak göz öňünde tutulýar. 
Serhetýaka söwda zolagynyň meýdany we ýerleşjek ýeriniň çäkleri, şeýle hem söwda dükanlaryny, ammarlary, resmileşdiriş we gözegçilik nokatlaryny ýerleşdirmegiň çyzgylary babatda taslamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky işleri özbek tarapy bilen ylalaşmak maksady bilen, iki ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan işleriň Meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. 
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýere bu babatda tabşyryklary berdi.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....