Resmi: Huawei 4-nji iýulda özüniň ikinji awtoulagyny tanyşdyrar

  • 01.07.2022 09:58
  • 11k+

Owal Huawei 4-nji iýulda nova 10 seriýaly smartfonlarynyň resmi taýdan ilkinji tanyşdyrylyşynyň boljakdygyny habar beripdi, häzir bolsa hut şol gün kompaniýanyň öz ikinji awtoulagy — Aito M7 bilen hem tanyşdyrjakdygy mälim boldy.  Huawei bir okda iki towşan awlar, emma, şol gün täzeligiň has köpräk boljakdygyny aýdýarlar.

Aito M7 — bu gibrid krossower. Gabarasy boýunça ol Huawei-ň birinji awtoulagyndan — Aito M5 gibrid krossowerinden ep-esli uly bolar. Kompaniýa birnäçe täze tizeri çap etdi, olarda Aito M7-niň syýahata niýetlenen ullakan maşgala awtoulagynyň ornuny tutjakdygy barada aýdylýar.
Jikme-jiklikleri barada 4-nji iýulda has takyk gürrüň berler, ýöne eýýäm onuň alty adamlykdygy, teker bazasynyň uzynlygy 2820 mm bolup, gabarasynyň 5020 x 1945 x 1775 mm-den ybaratdygy mälimdir.
Çekiji batareýasynyň sygymy takmynan 40 kWt.s — krossower arassa elektrik bilen 150 km töweregi ýoly geçip bilýär, 100 km üçin 7 litr töweregi ýangyç sarp eder. Şu ýagdaýda kuwwat ýetmezçiligi bolmaz: öň okuna oturdylan kuwwaty 177 a.g.-ne deň bolan elektrohereketlendiriji yzky okdaky kuwwaty 272 a.g.-ne deň bolan hereketlendiriji bilen sazlaşar.


16.04.2026 19:09
12k+

BYD zawodynda dörän ýangyn zerarly elektromobiller ýandy

Hyytaýyň Şençžen şäherindäki BYD kompaniýasynyň zawodyna degişli köp gatly awtoduralgada güýçli ýangyn boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, waka sişenbe güni irden ýüze çykdy....

14.04.2026 14:41
1.6k+

Stellantis täze Opel we Alfa Romeo modellerini işläp düzmegi hytaýlylara tabşyrar

Stellantis konserni Opel we Alfa Romeo markalarynyň täze elektromobillerini işläp düzmek boýunça Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Reuters agentligi pudakdaky çeşmelerine......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.3k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....